
Hüjümçi Karim Benzema resmi taýdan «Al-Ittihaddan» «Al-Hilal» toparyna geçdi. 38 ýaşly fransuz futbolçysy Er-Riýad şäheriniň kluby bilen 2027-nji ýylyň iýunyna çenli şertnama baglaşdy. Bu barada «Al-Hilal» klubyň metbugat gullugy habar berýär.
Mundan ozal «Al-Ittihadyň» ýolbaşçylary bilen Benzemanyň arasynda düşünişmezligiň dörändigi mälim bolupdy. Klubuň ýolbaşçy düzümi oňa esasy aýlyk haky bolmadyk, diňe goşmaça tölegleri öz içine alýan şertnama hödürläpdiler.
Şeýle şertler «Altyn top — 2022-niň» eýesini kanagatlandyrmady we ol klubyny çalyşmaly boldy.
Ýatlap geçsek, Benzema 2023-nji ýylyň tomsunda Madridiň «Realyndan» «Al-Ittihada» erkin agent hökmünde goşulypdy. Hüjümçi bu topar bilen Saud Arabystanynyň çempiony boldy we Patyşalyk Kubogyny gazandy. Fransuz oýunçysy Jidda şäheriniň klubynyň düzüminde geçiren 83 duşuşygynda 54 gol geçirmegi we 17 ýardam pasyny bermegi başardy.
Häzirki wagtda «Al-Hilal» 47 utuk bilen Saud Arabystanynyň Pro-ligasynyň ýaryş tertibiniň başyny çekýär. «Al-Ittihad» 34 utuk bilen altynjy orunda barýar. Ronaldunyň «Al-Nasr» kluby bolsa 46 utuk bilen ikinji orny eýeleýär.
Keywords