«Türkmentel – 2026» halkara forumynyň çäklerinde geçirilen innowasion taslamalaryň we startaplaryň «Sanly çözgüt – 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşige jemi 442 taslama hödürlenip, bu görkeziji Türkmenistanda sanly tehnologiýalar we innowasion çözgütler ugrunda iş alyp barýan ýaşlaryň sanynyň artýandygyny görkezdi.

Bäsleşigiň bilim we elektron okuw ugry boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmeni Şatlyk Şöhradow birinji orna mynasyp boldy. Onuň taýýarlan «E bakja» web sahypasy we «e bakja» mobil goşundysy eminler topary tarapyndan ýokary baha eýe boldy.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasynda Şatlyk Şöhradowa ýörite diplom hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Ýedi ugur boýunça geçirilen «Sanly çözgüt – 2026» bäsleşiginde jemi ýedi gatnaşyjy birinji orny eýeledi. Şeýle-de 15 taslama ikinji, 22 taslama bolsa üçünji orna mynasyp boldy.