«Türkmentel – 2026» XIX halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň günlerinde ulag-aragatnaşyk toplumynyň hünärmenleri hem-de döwlet gullukçylary üçin kiberhowpsuzlyk, emeli aň we döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmak meselelerine bagyşlanan okuw sapaklary, seminarlar we pikir alyşmalar guraldy. Çäreler Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Halkara elektrik aragatnaşygy birleşigi (ITU) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan bilelikde geçirildi.

Emeli aň we innowasiýalar boýunça dialog

BMGÖM Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki «Iş Nokady» koworking merkezinde «Emeli aň we innowasiýalar – 2026: synag taslamalaryndan strategik hyzmatdaşlyga» atly dialogy geçirdi.

Çärä döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň, halkara guramalaryň, tehnologiýa kompaniýalarynyň we startap jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we beýleki sebitlerden gelen gatnaşyjylar emeli aň çözgütlerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini we päsgelçiliklerini, synag taslamalaryny amaly ulanyşa geçirmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de startap ekoulgamyny kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem wençur maýa goýumlaryny çekmek, innowasion infrastruktura we hünärmenleriň mümkinçiliklerini ösdürmek, serhetüsti hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns berildi. Çäräniň maksatnamasyna Merkezi Aziýanyň startap taslamalarynyň sergisi we tehnologiýa kompaniýalarynyň, innowasiýa merkezleriniň hem-de startaplaryň wekilleriniň gatnaşmagynda panel maslahatlary girizildi.

BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň bellemegine görä, emeli aňyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň we innowasion jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek möhümdir. Onuň sözlerine görä, sebit hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmak innowasion çözgütleriň ykdysady ösüşe hem-de adamlaryň durmuşynyň gowulanmagyna goşant goşmagyna şert döredýär.

Döwlet gullukçylary üçin okuw maslahaty

BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hyzmatdaşlygynda döwlet gullukçylary üçin okuw maslahaty hem geçirildi.

Oňa ministrligiň wekilleri, akademiýanyň mugallymlary we diňleýjileri gatnaşdy. Okuw sapagynda BMGÖM-niň emeli aň ulgamynda mümkinçilikleri ösdürmek boýunça global ugrunyň ýolbaşçysy Aleksandr Gradeçkiý öz tejribesi bilen paýlaşdy.

Maslahatyň esasy maksady döwlet gullukçylarynyň sanly başarnyklaryny ösdürmek, döwlet dolandyryşynda emeli aňyň we innowasion menejmentiň ornuny öwrenmek, şeýle hem sanly gurallaryň kömegi bilen çözgütleri taýýarlamak we kabul etmek boýunça bilimleri kämilleşdirmekden ybarat boldy.

Okuw maksatnamasynda sanly döwlet dolandyryşynyň strategik esaslary, sanly hökümetiň ekoulgamy, maglumatlaryň howpsuz alyş-çalşygy, degişli hukuk namalary, döwlet gullugynda täze tehnologiýalaryň we emeli aňyň ulanylyşy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, sanly özgertmeler şertlerinde döwlet gullukçylarynyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň ähmiýetine üns berildi. Gatnaşyjylar nazary bilimler bilen bir hatarda amaly ýumuşlary ýerine ýetirip, dürli ýagdaýlary seljerdiler. Okuwyň ahyrynda diňleýjilere alan bilimlerini we başarnyklaryny tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy.

Sanly ulgamlar boýunça inženerler üçin kiberhowpsuzlyk okuwy

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Sanly ulgamlaryň inženerleri üçin kiberhowpsuzlyk: ulgamlar, infrastruktura we hadysalara dessin jogap bermek» atly okuw sapagy geçirildi. Ol Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi hem-de Halkara elektrik aragatnaşygy birleşigi tarapyndan guraldy.

Okuw sanly ulgamlaryň we tor infrastrukturasynyň işleýşine jogap berýän inženerler üçin niýetlenildi. Gatnaşyjylar maglumat ulgamlaryny we infrastrukturany goramagyň usullaryny, şeýle hem maglumat howpsuzlygy bilen bagly näsazlyklar ýüze çykanda görülmeli çäreleri öwrendiler.

Bu okuwlaryň geçirilmegi sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bir hatarda, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, döwlet gullukçylarynyň we pudak hünärmenleriniň degişli başarnyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm bölegidir.