
Apple kompaniýasy on ýyl töweregi wagtyň içinde öz smartfonlarynyň ýyllyk çykaryş tizliginde öňde barýar. 2026-njy ýylda iPhone 18-iň standart modeli prezentasiýa edilmedi. Munuň ýerine, tomus möwsüminde diňe üstünlikli modelleriň: iPhone 18 Pro, iPhone 18 Pro Max we ýygnalýan iPhone-laryň yglan edilmegine garaşylýar. Standart iPhone 18 we beýleki elýeterli modeller diňe 2027-nji ýylyň tomsuna çenli çykarylar. Bu barada MacRumors neşiri habar berýär.
Bu ýagdaý häzirki iPhone 17-ni bazarda iň esasy model hökmünde 18 aýdan hem köp möhlete galmagyna mümkinçilik berýär. Önümçiligiň yza süýşmegi önümler liniýasynyň giňelmegi bilen baglanyşyklydyr. 2026-njy ýylyň ahyryna çenli bazarda iň azyndan sekiz dürli iPhone modeli — şol sanda iPhone 16e, iPhone Air we öňki nesiller hem satuwa çykarylyp bilner. Önümçiligiň seýrekleşmegi Apple kompaniýasyna önümleri paýlamak, her bir modeliň ömrüni uzaltmak we içki bäsdeşligi azaltmak, şeýle hem söwda-da maliýe işlerini ýyl boýy deňeşdirmek üçin mümkinçilik berer. Täze çemeleşmäniň logistika taýdan hem artykmaçlyklary bar. Önümçiligiň uzaldylan tertibi: çäklendirmeleri ýeňmäge, öňdebaryjy tehnologiýalaryň böleklerini üpjün etmegi gowulandyrmaga we girdejini kwartallara deň paýlamaga kömek eder.
Şol sebäpli, Apple kompaniýasynyň 2026-njy ýylda geçiriljek däp bolan sentýabr wakasy diňe premium-segmentde ýerleşýän enjamlara bagyşlanylýar we kompaniýanyň strategiýasynda täze bir döwri alamatlandyrýar.
Keywords