Bloomberg-iň habarçysy Mark Gurman Apple-iň 2-4-nji mart aralygynda täze önümlerini yglan etjekdigini bildirdi. Bu gezek adaty tanyşdyrylyş däl-de, Apple Newsroom sahypasynda metbugat beýanatlary arkaly täzelikler paýlaşylar. Esasy garaşylýan önümler: A18 Pro çipli elýeterli 12,9 dýuýmlyk MacBook we A19 çipli täze iPhone 17e smartfony. iPhone 17e modeliniň MagSafe, Wi-Fi 7 we has çalt 5G aragatnaşygy bilen gelmegine garaşylýar. Şeýle-de, M4 çipli iPad Air we M5 çipli MacBook Air modelleriniň tanyşdyrylmagy ähtimal.
Apple geljek hepde "azyndan bäş sany täze önümini", şol sanda iPhone 17e modelini tanyşdyrar
1 min okamak39

Apple geljek hepde iPhone 17e we täze MacBook ýaly bäşden gowrak enjamyny tanyşdyrar. Täze önümler A19 we M5 çipleri bilen has güýçli bolar.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.