
Täze modelleriň hemmesi TSMC tarapyndan öndürilen 3-nanometrli tehnologiýa esasynda işlenip düzülen täze Apple A19 Pro prosessory bilen üpjün edildi. Apple-yň berýän maglumatyna görä, iPhone 17 Pro kompaniýanyň taryhyndaky iň güýçli smartfon boldy.
Iki model hem döwrebap, çyzylmalara garşy goragly örtük bilen üpjün edilendir. Ekranlar ProMotion tehnologiýasyny (täzelenme tizligi 120 Hz çenli), Always On (elmydama açyk ekran) funksiýasyny goldaýar we 3000 nit çenli iň ýokary ýagtylygy üpjün edýär. Apple-yň habar bermegine görä, daşky gurşawda displeýiň kontrasty öňki modeller bilen deňeşdirilende iki esse ýokarlandy.
Pro modelleriň esasy kamerasynyň düzümine üç sany 48 megapiksel (MP) sensor girýär: esasy modul, giň burçly kamera we 4 esse optiki zoomly teleobyektiw.
Öň kamera — 18 MP — täze surat düşürme režimleri bilen üpjün edilendir.
Apple-nyň täze çykaran iPhone 17 Air modeli aýratyn üns çekdi. Bu enjam kompaniýanyň taryhyndaky iň inçe smartfonydyr — onuň galyňlygy bary-ýogy 5,7 millimetr.
Titana meňzeş ýeňil we berk materialdan ýasalan korpusly bu modelde 6,5 dýuýmlyk displeý we arka tarapynda 48 MP-lik ýeke kamera ýerleşýär. Apple-yň bellemegine görä, bu kamera dürli fokus aralyklaryndaky birnäçe linzany bir ýerde jemläp biler.
Ähli modelleriň esasy ýat görnüşi 256 GB, Pro Max görnüşinde bolsa 2 TB-a çenli saklaýyş mümkinçilikleri hödürlenýär.
Keywords