Şypahana bejergisi we tebigatyň täsin mümkinçilikleri ynsan saglygyny berkitmäge ýardam edýär.

«Ynsanyň bagtyýarlygy onuň saglygyndan başlanýar» diýen pähim ynsan durmuşynda saglygyň nähili möhüm orun eýeleýändigini aýdyň görkezýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde, keselleriň öňüni almakda we bedeniň güýjüni dikeltmekde şypahanalaryň ähmiýeti uludyr.

Köpetdagyň demirgazyk eteginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasy hem özüniň tämiz howasy, ajaýyp tebigaty we rahat gurşawy bilen tapawutlanýar. Arça tokaýlary we dürli saýaly agaçlar bilen gurşalan bu künjekde howanyň arassalygy, tebigatyň gözelligi we asudalyk dynç almaga hem-de saglygy berkitmäge gelenler üçin aýratyn ýakymly şertleri döredýär.

Ýurdumyzda hereket edýän şypahanalaryň her biri ynsan saglygyny goramak we dikeltmek işinde möhüm orun eýeleýär. Bu sagaldyş merkezlerinde tebigy bejeriş serişdelerinden netijeli peýdalanmak üçin zerur mümkinçilikler döredilendir.

Şypahanalarda ýerasty mineral suwlar, minerallaşan duzly suwlar, gyzgyn çäge we daşlar, bejeriş palçyklary, dermanlyk ösümlikler, arassa howa hem-de özboluşly mikroklimat ýaly tebigy serişdelerden peýdalanylýar. Olar dürli bejeriş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, keselleriň öňüni almaga we bedeniň umumy ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär.

Şypahana şertlerinde dynç almak bilen bejerginiň utgaşdyrylmagy adamyň ruhy we beden taýdan özüni has gowy duýmagyna mümkinçilik berýär. Tebigatyň goýnunda geçirilen wagt, arassa howa we amatly mikroklimat hem saglygy dikeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýlelikde, «Arçman» ýaly şypahanalar diňe bir dynç alyş üçin däl, eýsem, saglygy berkitmek, keselleriň öňüni almak we ýaşaýyş işjeňligini ýokarlandyrmak üçin möhüm sagaldyş merkezleri bolup hyzmat edýär.