Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary AFK Çempionlar ligasy — 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda nobatdaky ýeňşini gazandy. Türkmen futbolçylary myhmançylykda Bahreýniň «Al-Muharraq» toparyny 4:2 hasabynda ýeňip, ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmagy möhletinden öň üpjün etdiler.

Duşuşyk Bahreýniň Rifa şäherinde, ýerli «Al-Muharraq» toparynyň meýdançasynda geçirildi. Çekeleşikli geçen oýunda «Arkadag» topary garşydaşyndan üstün çykmagy başardy. Bu netije türkmen toparyna indiki tapgyra çykmak üçin zerur bolan ýollanmany wagtyndan öň gazanmaga mümkinçilik berdi.

Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça «Arkadag» 10 utuk bilen «B» toparynda ikinji orny eýeleýär. Üçünji basgançakda ýerleşýän «Al-Muharraq» toparynyň hasabynda bolsa 3 utuk bar.