
«Arkadag» – «Al-Nasr» oýunyna biletlere satyş başlady
Aşgabadyň häkimligi Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) Çempionlar Ligasy-2-niň 1/8 final oýuny çäginde türkmen «Arkadagy» bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň arasynda geçiriljek ilkinji oýuna biletlere onlaýn satyşyň başlandygyny habar berýär. Oýun 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda sagat 18:45-de Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler.
Biletlere häkimligiň resmi saýtyndan www.ashgabat.gov.tm ýa-da «Sanly şäher» mobil programmasy arkaly satyn alyp bolýar. Biletlere bahalar stadiondaky ýerleşişe baglylykda 200-den 400 manada çenli üýtgeýär.
Gurnamçylar resmi bolmadyk satyjylardan bilet satyn almagyň gadagan edilýändigini we munuň stadiondan girizilmezlige sebäp boljakdygyny duýdurýarlar. Her biletde girişde barlanýan we satyn alyjynyň şahsyýetini tassyklamaga birikdirilen aýratyn QR-kod ýerleşdirilýär. Tomusçylara biletdäki maglumatlara laýyklykda pasport ýa-da doglanlygy barada şahadetnama bilen gelmek maslahat berilýär.
Keywords