
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýöriteleşdirilen iňlis dili mekdebiniň açyljakdygyny habar berdi. Bu mekdepde okadyş işleri döwrebap standartlar esasynda alnyp barlar we uçurymlaryň Amerikanyň öňdebaryjy uniwersitetlerine girmegine şert döreder. Bu barada ol «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.
«Ýakynda gurlan täze «akylly» Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim usullary we standartlary boýunça okadyljak ýöriteleşdirilen iňlis dilli mekdebini açmagy meýilleşdirýäris. Okuw prosesi ABŞ-nyň Garward, MIT we Kolumbiýa uniwersitetlerinde okuwlary dowam etdirmäge mümkinçilik bermeklige gönükdiriler» diýip, Milli Lider belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanda iňlis diliniň ähli mekdeplerde okadylýandygyny we dört sany ýokary okuw mekdebinde okadyşyň dolulygyyna iňlis dilinde alnyp barylýandygyny nygtady.
Keywords