
Ilkinji synag maksady bilen Aşgabada getirilen, uzynlygy 12 metr bolan döwrebap «Yutong» kysymly sowadyjyly ýolagçy awtobusy şu günler paýtagtyň şaýollarynda synagdan geçirilýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Uzynlygy: 12 metr
Gapy sany: 3
Hereketlendirijisi: Ekologik taýdan arassa, «Euro 5» ölçeglerine laýyk gelýär
Töleg ulgamy: Sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar
Ýolagçy hasaby: Münýän we düşýän ýolagçylary awtomatiki hasaplaýan abzallar bilen üpjün edilen
Sowadyjy enjam: Içinde ýolagçylar üçin klimat ulgamy bar
Gözegçilik ulgamy:
10 sany wideokamera
JPS ulgamy
Sürüjiniň işine we ulagyň hereketine gözegçilik edýän intellektual ulgam
Ses we şekil ulgamy
Wi-Fi router
El telefonlaryny zarýadlaýjy enjamlar
Mümkinçiligi çäkli ýolagçylar üçin niýetlenen ýerler
Duralgalary habar berýän awtomatiki enjam
Bu täze awtobus synagdan üstünlikli geçse, Aşgabadyň jemgyýetçilik ulag ulgamyna goşulyp, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna hyzmat eder.
Ýatlatsak, 10-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekipdi. Şol karara laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine, Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo.,Ltd.» kompaniýasy bilen 700 sany «Yutong ZK6128HG» kysymly awtobusy satyn almak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.