Petde Jeýhun derýasynyň kenarýaka tokaýlarynda ösýän, tebigatyň amatsyz şertlerine çydamly agaçlaryň biridir. Ol derýanyň joşgunlaryna we çölüň gurak şemallaryna döz gelmek ukyby bilen tapawutlanýar. Tebigaty Goramagyň Halkara Bileleşiginiň Gyzyl sanawyna girizilen bu agaç derýa boýundaky tokaýlara özboluşly gözellik berýär.
Petde boýy 12–14 metre çenli ýetýän, uzyn sütünli agaçdyr. Onuň gabygy galyň we çalymtyl reňkde bolýar. Agajyň gabygy, pyntyklary hem-de ýapraklary dermanlyk maksatlar üçin peýdalanylýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.