2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde sanly ulgamyň howpsuzlygyny üpjün etmek, täze programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak we ýaşlaryň innowasion başlangyçlaryny goldamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisde Gahryman Arkadagymyz kiberhowpsuzlyk meseleleri boýunça degişli hünärmenleriň we taraplaryň arasynda özara pikir alyşmalary geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de täze programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak işlerinde ýaşlaryň pikirlerini öwrenmek, olaryň tekliplerine giň orun bermek zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň startap taslamalaryny we täzeçil işläp taýýarlamalaryny durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmek barada görkezmeler berildi.

Ara alnyp maslahatlaşylan ugurlar boýunça degişli wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.