Lebap welaýatynda 2026-njy ýylyň başyndan bäri 19 milliard 575 million kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan 680 million kub metr ýokarydyr. Şeýlelikde, gaz önümçiliginiň ösüş depgini 3,6 göterime deň boldy.
Şu ýylyň degişli döwründe welaýatda 400 müň tonnadan gowrak nebit we gaz kondensaty, 218 müň tonna benzin, 110 müň tonna dizel ýangyjy hem-de 68 müň tonnadan gowrak nebit bitumy öndürildi.
Suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň önümçiliginde hem ýokary ösüş gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwründe 36,6 müň tonna önüm öndürilen bolsa, şu ýyl bu görkeziji 68,4 müň tonna ýetdi. Netijede, önümçiligiň ösüş depgini 87 göterime deň boldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.