Türkmenistan bilen Özbegistan ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmek, Aşgabat bilen Daşkent arasynda yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýmak hem-de serhetýaka sebitleriň ýaşaýjylary üçin üç güne çenli wizasyz gatnawlary dikeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, 18-nji noýabrda bu ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Olimjon Abdullaýew Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine garadylar. Hususan-da, halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek we döwlet serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda Daşkent–Aşgabat–Daşkent ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýmak meselesine aýratyn üns berildi. Şeýle-de 2004-nji ýyldaky hökümetara ylalaşygynda göz öňünde tutulan serhetýaka sebitleriň ýaşaýjylarynyň üç güne çenli möhlet bilen wizasyz gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Konsullyk gatnaşyklary babatda bolsa raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny kämilleşdirmek meseleleri boýunça pikirler paýlaşyldy.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, duşuşygyň netijesinde taraplar ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri degişli pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde öwrenmek we amaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.