2026-njy ýylyň 10 — 12-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäheri birbada üç ugur — saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça professional dialogyň geçirilýän meýdançasyna öwrüler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Olara Türkmenistandan hem-de daşary ýurtlardan kompaniýalar, bilermenler we ugurdaş pudaklaryň wekilleri gatnaşarlar.
Çäräniň esasy mowzuklary — döwrebap tehnologiýalar, amaly tejribeleri alyşmak we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekden ybarat bolar. Üç günlük maksatnama aşakdakylary öz içine alar:
Sergi ekspozisiýasyny
B2B we B2G görnüşindäki gepleşikleri
Bilermenleriň maslahatlaryny
Täze işläp taýýarlamalaryň tanyşdyrylyşlaryny hem-de ussatlyk sapaklaryny
Çäräniň mowzuklaýyn gerimi lukmançylyk tehnologiýalaryndan we farmatsewtikadan başlap, bilim maksatnamalaryna, sport esbaplaryna, fitnese we saglygy dikeldiş işlerine çenli giň ugurlary öz içine alýar. Gatnaşyjylara öz çözgütlerini hödürlemek, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we türkmen bazarynda işlemek üçin täze mümkinçilikler teklip ediler.
Has anyk maglumatlary contact@turkmenexpo.com elektron poçta salgysy hem-de saglyk.turkmenexpo.com saýty arkaly alyp bilersiňiz.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.