2026-njy ýylyň 11–12-nji noýabrynda Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ugry boýunça gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak we serhetüsti maglumat alyş-çalşygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan sebit duşuşygy geçirildi.
Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen Halkara Söwda Merkezi tarapyndan guralan çärä Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz, Moldowa, Türkiýe we Ukraina döwletleriniň gümrük gulluklarynyň wekilleri, halkara guramalaryň wekilleri hem-de bilermenler gatnaşdylar. Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri hem gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça tejribe alyşdylar we gümrük edaralarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Esasy üns töwekgelçilikleri dolandyrmakda sanly tehnologiýalary ulanmak, serhetüsti söwda we ulag amallaryny ýeňilleşdirmek, rugsat beriş resminamalaryny hem-de şahadatnamalary elektron görnüşde resmileşdirmek, şeýle-de milli «Bir penjire» ulgamlaryny kämilleşdirmek meselelerine gönükdirildi.
Amaly sapaklaryň we toparlaýyn pikir alyşmalaryň çäklerinde maglumat alyş-çalşygyny has-da ösdürmegiň, tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryna hem garaldy.
Duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen tejribe alyşmaga, gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak we maglumat alyş-çalşygyny kämilleşdirmek boýunça öňdebaryjy tejribeler hem-de täze çemeleşmeler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.