Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hindi kinematografiýasyny söýüjileri 28–30-njy noýabr aralygynda paýtagtda geçiriljek hindi filmleriniň festiwalyna çagyrýar. Filmleriň görkezilişi «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriler. Çärä giriş mugt.

Festiwalyň maksatnamasyna hindi kinosynyň giňden tanalýan bäş sany filmi girizildi. Filmleriň görkeziliş tertibi şeýle:

  • 28-nji noýabr, sagat 17:00 — «Ylgа, Milka, ylga!»;

  • 29-njy noýabr, sagat 14:00 — «Men mugallym»;

  • 29-njy noýabr, sagat 18:00 — «Merý Kom»;

  • 30-njy noýabr, sagat 14:00 — «Beýik Mogol»;

  • 30-njy noýabr, sagat 18:00 — «Alnyp gaçylmadyk gelin».

Festiwal tomaşaçylara Hindistanyň medeniýeti, kino sungaty we çeper filmleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. Çärä maşgala bolup ýa-da dostlar bilen gatnaşmak bolýar.