2026-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde iş gözleýän raýatlar üçin boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.
Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan degişli etrap bölümleri hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde guralýar.
Hödürleniş çäresi sagat 9:00-dan 12:00-a çenli Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda geçiriler.
Çäräniň dowamynda paýtagtyň çäginde hereket edýän kärhanalar, guramalar, edaralar we hususy telekeçiler özlerinde bar bolan boş iş orunlaryny hödürlärler. Bu bolsa işe ýerleşmek isleýän raýatlara dürli ugurlardaky iş mümkinçilikleri bilen tanyşmaga şert döreder.
Çärä gatnaşmak isleýän raýatlaryň ýany bilen şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, bar bolan ýagdaýynda zähmet depderçesini we hünärini tassyklaýan resminamasyny getirmegi zerurdyr.
Goşmaça maglumat almak üçin 39-34-56 we 22-74-07 telefon belgilerine ýüz tutup bolýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.