Aşgabatdaky Rus öýi edebiýaty söýüjileri 2026-njy ýylyň 25–26-njy sentýabrynda geçiriljek «Edebiýat diktanty» atly VI halkara çäresine gatnaşmaga çagyrýar. Halkara çäre rus edebiýatyna gyzyklanma bildirýän okyjylaryň bilimini barlamaga we edebi gözýetimini giňeltmäge mümkinçilik berer.
Her ýyl geçirilýän «Edebiýat diktanty» Russiýadan we beýleki ýurtlardan edebiýat muşdaklaryny bir ýere jemleýär. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar dürli döwürlerde ýaşap geçen rus ýazyjylarynyň döredijiligine degişli bilimlerini synagdan geçirerler.
Diktant test görnüşinde geçirilip, gatnaşyjylara jemi 20 sorag hödürlener. Soraglar rus edebiýatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerini, belli ýazyjylaryň döredijiligini hem-de edebi mirasy öz içine alar.
Çärä gatnaşmak diňe öňünden hasaba alnan ýörite meýdançalarda göni görnüşde amala aşyrylar. Bu bolsa gatnaşyjylara halkara çäräniň beýleki edebiýat muşdaklary bilen bilelikde geçirilýän özboluşly atmosferasyna gatnaşmaga mümkinçilik berer.
Çäräniň netijeleri boýunça ähli gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşurylar. 80 we ondan köp bal gazananlar «Tapawutlanan gatnaşyjy» diplomyna mynasyp bolar. Iň ýokary netije görkezen gatnaşyjy bolsa degişli meýdançanyň ýeňijisi diýlip yglan ediler.
«Edebiýat diktanty» halkara çäresiniň guramaçysy Murmansk sebit döwlet uniwersal ylmy kitaphanasydyr. 2026-njy ýylda bu giň gerimli edebi çäre altynjy gezek geçirilýär.
Aşgabatda geçiriljek «Edebiýat diktantynyň» başlanýan wagty, hasaba alyş tertibi we gatnaşmagyň beýleki şertleri barada goşmaça maglumatlaryň berilmegine garaşylýar. Şeýle çäreler ýaşlaryň we okyjylaryň rus edebiýatyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmak bilen bir hatarda, halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge hem ýardam edýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.