Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen bilelikde Aşgabatda emeli aňy ösdürmegiň 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýasyna bagyşlanan çäreleri geçirdi.
Strategik resminama 24–25-nji noýabrda Türkmenistanyň Sanly forumynyň hem-de «Türkmentel — 2026» atly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde tanyşdyryldy. BMGÖM-niň bilermenleriniň goldawy bilen Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde taýýarlanan bu strategiýa ýurtda emeli aň tehnologiýalaryny jogapkärçilikli ornaşdyrmagyň esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Resminamada döwlet dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly infrastrukturany ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak, şeýle-de döwlet edaralary bilen hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly möhüm wezipeler göz öňünde tutulýar.
BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýanyň bellemegine görä, bu strategiýa ýurduň uzak möhletleýin sanly ösüş garaýyşlaryny kemala getirmek bilen bir hatarda, milli edaralaryň mümkinçiliklerini we adam kapitalyny pugtalandyrmaga esas döredýär. Munuň esasy maksady tehnologik özgertmeleriň ilata hödürlenýän döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyna gönükdirilmegidir.
24-nji noýabrda «Türkmentel — 2026» çäresiniň çäklerinde geçirilen ýörite mejlisde BMGÖM-niň emeli aň ulgamynda mümkinçilikleri ösdürmek boýunça global ugrunyň ýolbaşçysy Aleksandr Gradetskiý strategiýanyň esasy garaýyşlary we bu ugurda halkara tejribe barada çykyş etdi.
Ertesi gün bolsa bilermenleriň gatnaşmagynda tehnologik telekeçiligi ösdürmek, innowasiýa merkezleriniň we işewürlik inkubatorlarynyň ähmiýeti, başlangyç taslamalary durmuşa geçirmek hem-de maýa goýumlaryny çekmekde bilim maksatnamalarynyň orny boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Çäreleriň çäklerinde BMGÖM, Aragatnaşyk ministrligi we Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan 70 döwlet işgäri üçin amaly okuw maslahaty hem guraldy. Oňa gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalarynyň döwlet dolandyryşyndaky ulanylyşyny anyk mysallaryň üsti bilen öwrendiler.
Okuwda neýroulgamlaryň resminamalary taýýarlamak işini çaltlandyrmakda, uly göwrümli maglumatlary seljermekde we dolandyryş işlerini ýeňilleşdirmekde ulanylyşyna aýratyn üns berildi. Şeýle-de maglumatlaryň goragyny üpjün etmek, işiň aýdyňlygyny saklamak we kabul edilýän ahyrky çözgütlerde adamyň gözegçiligini hökmany şert hökmünde berjaý etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.