25-nji noýabrda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň «Brest elektrotehnika zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň «Emel» hojalyk jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekildi.
Resminama Belarusda öndürilýän elektrotehnika enjamlaryny Türkmenistanyň bazaryna getirmek we ýerlemek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýär. Bu hyzmatdaşlyk «Emel» hojalyk jemgyýetiniň öz zerurlyklaryny üpjün etmegi, şeýle-de onuň buýrujylaryna degişli enjamlary hödürlemegi göz öňünde tutýar.
Taraplar Türkmenistanyň hereket edýän standartlaryna we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, enjamlara bildirilýän tehniki talaplary hem-de aýratynlyklary bilelikde işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň çäklerinde tehniki, marketing we täjirçilik maglumatlaryny alyşmak meýilleşdirilýär.
Ylalaşyga laýyklykda, Belarusyň «Brest elektrotehnika zawody» Türkmenistanyň hyzmatdaşlaryna enjamlary saýlap almak, gurnamak, işe girizmek we sazlamak, şeýle hem olary ulanmak boýunça doly maslahat beriş goldawyny berer.
Özara gatnaşyklar açyklyk we dessinlik ýörelgelerine esaslanar. Enjamlaryň üpjünçilik möçberleri, görnüşleri, bahalary, iberiljek möhletleri we töleg şertleri bolsa aýratyn şertnamalar arkaly kesgitlener.
Ähtnamanyň baglaşylmagy Belarus bilen Türkmenistanyň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. Taraplar geljekde işewürlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.