Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Teatr işgärleri birleşiginiň (STB RF) wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik sapary geçirilýär. Çäre daşary ýurtlardaky rus teatrlaryna goldaw bermek maksatnamasynyň çäklerinde guralyp, oňa rus we türkmen teatr işgärleri gatnaşýar.
Döredijilik duşuşyklarynyň esasy merkezi A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry boldy. Bu ýerde rus nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Aleksandr Puşkiniň meşhur «Kiçi pajygalar» eserler toplumynyň esasynda birnäçe sahna eskizleri taýýarlanýar. Olaryň hatarynda «Daş myhman», «Açgöz rysar» hem-de «Motsart we Salýeri» eserleri bar.
«Motsart we Salýeri» eseriniň sahna eskiziniň üstünde Moskwaly režissýor Grigoriý Artamonow işleýär. Režissýoryň aýtmagyna görä, döredijilik barlaghanasynyň gysga möhletde geçirilmegi toparyň ýokary derejede jemlenmegini we çalt çözgütleri kabul etmegini talap etdi.
Režissýor Aşgabat teatrynyň aktýorlarynyň döredijilik işine ýokary gyzyklanma bilen gatnaşandygyny aýratyn belledi. Bäş günlük taýarlyk (repetisiýa) döwründe ilkinji gün taýýarlyk işlerine we material bilen tanyşmaga bagyşlandy. Galan günlerde bolsa sahna eseriniň esasy konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy.
Grigoriý Artamonow türkmen artistleriniň diňe bir aktýorçylyk ussatlygyny däl, eýsem, aýdym-saz ugrundaky başarnyklaryny hem ýokary bahalandyrdy. Repetisiýalaryň dowamynda artistleriň wokal ukyplarynyň we zähmetsöýerliginiň aýratyn ýüze çykandygy bellenildi. Aýdym-sazly çykyşlaryň hem täze sahna eskizleriniň möhüm bölegine öwrülmegine garaşylýar.
Döredijilik duşuşygy diňe bir sahna işlerinden ybarat bolman, eýsem, Russiýadan gelen teatr işgärlerine Türkmenistanyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga hem mümkinçilik berdi. Myhmanlar Aşgabat şäheriniň binagärligine, türkmen halkynyň däp-dessurlaryna, milli aşhanasyna we myhmansöýerligine ýokary baha berdiler.
Russiýaly režissýor geljekde ýene-de Türkmenistana gelip, ýurduň taryhy we medeni ýadygärlikleri, şeýle hem tebigy gözellikleri bilen has giňişleýin tanyşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Döredijilik barlaghanasy (laboratoriýasy) Russiýa bilen Türkmenistanyň teatr işgärleriniň arasynda tejribe alyşmagyny we medeni gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän möhüm taslamalaryň biri bolup durýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.