Aşgabat şäherindäki «KAMAZ» okuw-hyzmat merkezi dürli ugurlar boýunça hünärmenleri işe kabul edýändigini habar berýär. Kärhana işjeň, jogapkärçilikli we öz hünärini kämilleşdirmäge isleg bildirýän, 40 ýaşdan uly bolmadyk dalaşgärleri professional toparyň düzümine goşulmaga çagyrýar.
Merkezde aşakdaky hünärler boýunça boş iş orunlary bar:
awtoslesar;
awtoelektrik;
ýangyç enjamlary boýunça hünärmen;
motorçy;
agregatçy.
Işe ýerleşmek isleýän dalaşgärleriň Aşgabat şäherinde hemişelik ýazgysynyň bolmagy hökmany şertleriň biri hökmünde görkezilýär. Türkmen we rus dillerini erkin bilmek dalaşgär üçin goşmaça artykmaçlyk hasaplanýar.
Bu iş orunlary döwrebap awtoulag tehnikalary bilen işlemek, hünär başarnyklaryny ösdürmek we durnukly zähmet gurşawynda tejribe toplamak isleýän hünärmenler üçin amatly mümkinçilik döredýär.
Işe ýerleşmek isleýän dalaşgärler zähmet depderçesiniň göçürmesi we doldurylan anketasy bilen «KAMAZ» okuw-hyzmat merkezine ýüz tutup bilerler.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 602-nji jaý, «KAMAZ» okuw-hyzmat merkezi.
Habarlaşmak üçin telefon: +993 64 074328.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.