Paýtagtymyzda intellektual oýunlaryň muşdaklary üçin täze mümkinçilik döredilýär. 9-njy maýda Aşgabatdaky Fransuz institutynyň binasynda Şahmat kluby öz işine başlaýar.
Türkmenistanyň Şahmat federasiýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan bu taslama şahmaty giň köpçüligiň arasynda wagyz etmegi we adamlaryň boş wagtyny peýdaly geçirmegini maksat edinýär.
Şahmat kluby diňe bir oýun meýdançasy bolman, eýsem tejribe alyşmak we täze usullary öwrenmek üçin hem amatly mekandyr. Bu ýere şahmatyň inçe tilsimlerini bilýänler bilen bir hatarda, ony täze öwrenmek isleýän höwesjeler hem gatnaşyp bilerler. Tejribeli şahmatçylar täze başlaýanlara oýnuň düzgünlerini öwrenmäge ýakyndan kömek ederler.
Gatnaşmak isleýänler üçin maglumatlar:
- Duşuşyklar her şenbe güni sagat 18:30-da geçiriler.
- Gatnaşmak mugt. Fransuz dilini bilmek islege bagly, emma hökmany däl.
- Aşgabat şäheri, Aga Garryýew (öňki Sokolowa) köçesiniň 69-njy jaýy.
Täze dostlar tapmak we zehiniňizi taplamak üçin Şahmat kluby ähli höwesjeleri çagyrýar.
Gyzyklanýanlar goşmaça maglumat üçin (+993 12) 36 83 70 / 71 / 72 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.