
Şu günler Lebap welaýatynyň ýaşyl maýsaly meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki işler alnyp barylýar. Welaýat boýunça 130 müň gektar meýdana galla tohumy sepilip, şu ýyl ondan esasy azyklyk önüm bolan bugdaýyň bol hasylyny almak meýilleşdirilýär. Ak ekinleri mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmekde Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna degişli kuwwatly tehnikalaryň, şeýle hem kämil tirkeg gurallaryň ulanylmagy işleriň öndürijilikli we talabalaýyk alnyp barylmagyna ýardam edýär. Şol tehnikalaryň kömegi bilen maýsaly meýdanlara karbamid dökünini bermek işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şu ýyl 130 müň gektara 26 müň tonna karbamid dökünini bermek meýilleşdirildi. Bugdaý ekilen meýdanlar her gün 3,5 müň tonna golaý dökün bilen iýmitlendirilip, dökün berlen ýerleriň her gün 1 müň gektara golaýy suwarylyp, ýaşyl maýsalaryň ösüp, boý almagy üçin zerur bolan şertler döredilýär. Welaýatyň ýaşyl maýsaly meýdanlarynda haşal otlara garşy göreşmek işleri hem giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Keywords