Mugallymçylyk — diňe bir hünär däl, eýsem, nesilleriň ykbalyna täsir edýän, sabyrlylygy, yhlasy we uly jogapkärçiligi talap edýän mukaddes käriň biridir.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mugallymlar üçin aýratyn manyly baýramdyr. Bu gün mekdeplerde ýaňlanýan ilkinji jaň täze işe başlan ýaş mugallymyň ilkinji ädimlerini, tejribeli halypanyň bolsa köpýyllyk zähmet ýoluny ýatladýar. Parahat Huseýinowa üçin hem 1-nji sentýabr aýratyn ähmiýetli. Sebäbi ol ak mekdepde ýaş nesle bilim we terbiýe bermäge bagyş eden ömrüniň kyrkynjy okuw ýylyna gadam basýar.
Parahat mugallymyň hünär saýlamagynda maşgalasynyň täsiri uly bolupdyr. Kakasynyň köpýyllyk mugallymçylyk tejribesi, zähmete bolan söýgüsi we saýlap alan kärine ygrarlylygy onuň üçin hakyky görelde mekdebine öwrülipdir. Bu görelde ýaş Parahadyň hem mugallymçylyk kärini ýüregine ýakyn saýlamagyna we ony ömrüniň esasy maksadyna öwürmegine ýol açypdyr.
Parahat Huseýinowa 1958-nji ýylyň 2-nji aprelinde Saýat etrabynyň Çaltut geňeşliginde işçi maşgalasynda dünýä inýär. Zähmet ýoluna Saýat etrabyndaky 2-nji çagalar bakja-bagynda terbiýeçi bolup başlan ýaş hünärmen ýokary bilim almagy hem esasy maksatlarynyň biri edinýär.
Ol 1980–1986-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty bölüminde bilim alyp, filolog-mugallym hünärine eýe bolýar. Şeýle hem 1994-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gysga möhletli okuwyny tamamlap, türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünärini özleşdirýär.
Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň, 1986-njy ýylda Saýat etrabyndaky 33-nji orta mekdepde rus dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlan Parahat Huseýinowa gysga wagtyň içinde özüni başarjaň we guramaçy hünärmen hökmünde tanadýar. 1988-nji ýylda şol mekdepde müdiriň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenilýär.
Dogduk obasyndaky ak mekdepde ýyllaryň dowamynda uly abraý gazanan halypa mugallymyň zähmet ýoly soňra Türkmenabat şäheri bilen dowam edýär. Ol 1996-njy ýyldan bäri Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup, ýaş nesle bilim we terbiýe berýär.
Parahat mugallymyň köpýyllyk zähmetiniň netijesi onuň şägirtleriniň gazanýan üstünliklerinde has aýdyň görünýär. Mugallymyň okuwçylary ders bäsleşikleriniň şäher, welaýat we döwlet tapgyrlarynda, şeýle hem internet olimpiadalarynda yzygiderli baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Şägirtleriň her bir üstünligi halypa mugallymyň köpýyllyk zähmetiniň, kärine bolan söýgüsiniň we yhlasynyň mynasyp netijesidir. Sebäbi hakyky mugallymyň gazanan iň uly baýlygy onuň şägirtleriniň bilimde, durmuşda we jemgyýetde gazanýan üstünlikleridir.
Parahat Huseýinowanyň kyrk ýyla golaý dowam edýän mugallymçylyk ýoly asylly käre wepalylygyň, üznüksiz gözlegiň hem-de nesil terbiýesine bagyşlanan ömrüň nusgasydyr. Şeýle halypalaryň göreldeli zähmeti ýaş mugallymlar üçin hem uly mekdep bolup hyzmat edýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.