Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi türkmen talyplary üçin halkara ynsanperwer hukugyna bagyşlanan üç günlük okuw maslahatyny gurady. Okuwlaryň dowamynda ýaragly çaknyşyklar wagtynda we çaknyşykdan soňky döwürde adam hukuklaryny goramagyň hukuk esaslaryna aýratyn üns berildi.

Okuw maslahaty Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binýadynda geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk ugurlary boýunça bilim alýan talyplary we mugallymlary gatnaşdy. Çäräniň dowamynda jemi 50-ä golaý gatnaşyjy halkara hukugynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Okuw sapaklaryny Awstriýadan gelen halkara hukuk hünärmenleri alyp bardy. Olar halkara ynsanperwer we halkara jenaýat hukugynyň aýratynlyklaryny, bosgunlaryň we migrantlaryň hukuklaryny goramagyň kadalaryny, şeýle hem halkara hukuk ölçeglerini milli kanunçylyga ornaşdyrmagyň usullaryny giňişleýin düşündirdiler.

Mundan başga-da, aýallaryň, çagalaryň we ilatyň aýratyn goraga mätäç toparlarynyň hukuklaryny üpjün etmegiň hukuk gurallaryna, şeýle hem hukuk bozulmalary üçin jogapkärçilige çekmegiň halkara mehanizmlerine garaldy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Uilýam Lif halkara hukuk kadalaryna we ÝHHG-niň borçnamalaryna çuňňur düşünmegiň geljekki türkmen hukukçylarynyň, ýaş diplomatlarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär işinde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Bu okuw maslahaty ýaş hünärmenleriň halkara hukugy boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmaga, nazaryýetde öwrenilen kadalaryň amaly ähmiýetine düşünmäge we adam hukuklaryny goramak boýunça hünär başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirildi.