Türkmen halkynyň milli mirasynda aýratyn orun eýeleýän düýe ýüňünden taýýarlanylýan önümlere häzirki döwürde hem uly gyzyklanma bildirilýär. Tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýan düýe ýüňi gadymy döwürlerden bäri dürli dokma önümlerini taýýarlamakda giňden ulanylyp gelinýär. Häzirki wagtda bu däp döwrebap önümçilik tehnologiýalary bilen utgaşdyrylyp, täze derejede ösdürilýär.

Şeýle önümçilikleriň biri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda ýola goýuldy. Kärhanada düýe ýüňüni we geçi çöpürini gaýtadan işläp, olardan ýokary hilli ýüň ýüplük öndürmäge ýöriteleşdirilen täze bölüm işe girizildi.

Täze bölümiň işe girizilmegi milli dokmaçylyk däplerini döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrmakda möhüm ädim boldy. Bu ýerde önümçilik işleri häzirki zaman enjamlarynyň kömegi bilen alnyp barylýar. Şeýle hem tehnologik amallaryň awtomatlaşdyrylmagy işgärleriň zähmet şertlerini ýeňilleşdirip, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Düýe ýüňi türkmen halkynyň durmuşynda gadymy döwürlerden bäri giňden peýdalanylýan tebigy çig mallaryň biridir. Ondan bilguşak, agarçäkmen ýaly milli dokma önümleri taýýarlanylýar. Şeýle önümler tebigylygy, berkligi we özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

Baýramaly dokma toplumynda täze önümçilik bölüminiň döredilmegi hem milli dokmaçylyk mirasyny dowam etdirmek bilen bir hatarda, ýerli çig maldan netijeli peýdalanmaga şert döredýär. Kärhanada düýe ýüňüniň we geçi çöpüriniň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ýokary hilli ýüň ýüplügi öndürilýär.

Täze bölümiň mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynyň ýazynda işe girizilmegi Baýramalynyň dokmaçylary üçin möhüm waka boldy. Häzirki wagtda önümçilikde işler yzygiderli dowam etdirilip, täze önümleriň möçberini we görnüşlerini artdyrmak boýunça mümkinçilikler döredilýär.

Milli dokmaçylyk däpleriniň häzirki zaman önümçilik mümkinçilikleri bilen utgaşdyrylmagy ýerli çig maldan ýokary hilli önümleri öndürmäge, milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we dokma senagatynyň ösüşine goşant goşmaga şert döredýär.