Belarus Respublikasy Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar ugrunyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem Minsk Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň arasynda elektron haryt-ulag resminamalaryny özara ykrar etmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu barada Belarusyň wise-premýeri Aleksandr Terehow 24–25-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen duşuşyklaryň we «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahatyň dowamynda mälim etdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, Belarus üçin günorta-gündogar ugurda ygtybarly logistika ugurlaryny döretmek, ýurduň terminal infrastrukturasyny Merkezi Aziýanyň üstaşyr ulag mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle-de «Demirgazyk — Günorta» we «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça ýük daşamak bilen bagly çykdajylary azaltmak maksady bilen, GDA ýurtlarynyň arasynda bitewi sanly ekoulgamy döretmek we elektron ýük ulag hatlaryny giňden ornaşdyrmak teklip edilýär.

Aleksandr Terehow ulag akymlaryny artdyrmak we özara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmet Akmämmedow bilen geçiren duşuşyklarynda ara alyp maslahatlaşdy.

Gepleşikleriň netijesinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmek, ýakyn wagtda bilelikdäki işewürlik çärelerini geçirmek barada ylalaşyldy. Şeýle hem demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr ýük akymlaryny dolandyrmak, oba hojalyk-senagat toplumy, ekologiýa we sanlylaşdyrmak ugurlaryndaky taslamalara aýratyn üns bermek göz öňünde tutulýar.

Belarus kompaniýalary öz önümlerini we hyzmatlaryny Aşgabatda 24–26-njy noýabrda «ITTC 2026» halkara sergisiniň hem-de «Türkmentel — 2026» sergisiniň çäklerinde guralan Made in Belarus atly bilelikdäki sergi diwarlygynda tanyşdyrdylar.

Aleksandr Terehowyň we Mämmet Akmämmedowyň baryp gören milli diwarlygynda ulag-logistika we demir ýol tehnikalaryny öndürmek ulgamynda işleýän öňdebaryjy kärhanalar, şol sanda «Belintertrans» operatory, Mogilýow wagon gurluşyk zawody we Brest elektrotehnika zawody öz mümkinçiliklerini görkezdiler.