
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş mukaddes Remezan aýynyň gelmegi mynasybetli ýüzlenme ýollap, bu aýyň ruhy taýdan päklenmegiň, oýlanmalaryň we doga-dilegleriň wagty hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
BMG-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Remezan aýy umytlara, parahatçylyga we özara düşünişmä bolan asylly ymtylmalary alamatlandyrýar, emma häzirki döwürde dünýädäki köp sanly ynsanlar üçin bu gymmatlyklar elýetmezligine galýar. Ählumumy krizisleriň dowam edýän şertlerinde Guterreş halkara jemgyýetçiligini Remezanyň ebedi ýüzlenmesine — agzalalyklary ýeňip geçmäge, ejir çekýänlere goldaw bermäge hem-de her bir ynsanyň hukuklaryny we mertebesini goramaga çagyrdy.
Ol, şeýle hem, bu mukaddes aýyň agzybirlik, hormat goýmak we özara kömekleşmek ýörelgelerine esaslanýan has parahat, sahy we adalatly dünýäni gurmak ugrundaky bilelikdäki tagallalar üçin ylham çeşmesi bolmalydygyny belledi.
Keywords