
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy (ÝUNEP), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly (Tähran) konwensiýasynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde «Deňiz zibilleri we deňiz plastik galyndylaryna garşy göreş – Hazarda ulgamlaýyn çemeleşme» atly sebit taslamasynyň başlanmagy mynasybetli tanyşdyryş maslahatyny geçirdi.
Çärä degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Maslahat taslamanyň Türkmenistanda resmi taýdan başlanandygyny alamatlandyrdy we Hazar deňziniň deňiz zibilleri, aýratyn-da plastik galyndylary bilen hapalanmagynyň öňüni almak we ony azaltmak boýunça bilelikdäki hereketleri maslahatlaşmak üçin meýdança boldy.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylara taslamanyň wezipeleri we esasy ugurlary, şol sanda galyndylary dolandyrmak ulgamynda kanunçylygy kämilleşdirmek, gözegçiligi ösdürmek we hapalanmagyň öňüni almak, şeýle hem Tähran konwensiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri barada maglumat berildi.
«Sebit başlangyjy deňiz zibilleriniň çeşmeleri we ýollary baradaky maglumatlary ýygnamagy we seljermegi, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, aýlawly ykdysadyýet we önümiň durmuş sikli ýörelgelerini öňe sürmegi, galyndylary dolandyrmak ulgamyna maýa goýumlary höweslendirmegi, şeýle hem ýerli jemgyýetleriň, zenanlaryň we işewürleriň gatnaşmagyny giňeltmegi öz içine alýan toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar» diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky ekologiýa toplumynyň maksatnama seljerijisi Farhat Orunow belledi.
Taslama Russiýa Federasiýasynyň maliýe goldawy bilen Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Türkmenistanda durmuşa geçirilýär we 2027-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli dowam eder.
Taslamanyň çäklerinde Hazar deňziniň deňiz gurşawyna täsir edýän gury ýerdäki hapalanma çeşmelerine aýratyn üns berler. Bu başlangyç Hazarýaka döwletleriň eýýäm amala aşyrýan çäreleri bilen utgaşdyrylar we Tähran konwensiýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk tejribesine esaslanar.
Taslamanyň başladylmagy Hazarýaka ýurtlarynyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge we Hazar deňziniň üýtgeşik ekoulgamyny geljekki nesiller üçin gorap saklamak boýunça bilelikdäki çäreleri görmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.
Keywords