Bütindünýä banky geljek 15 ýylyň dowamynda kämillik ýaşyna ýetjek takmynan 1,2 milliard ýaş adam üçin ykdysady mümkinçilikleri giňeltmek we täze iş orunlaryny döretmek meselesini esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi.
Bu barada Bütindünýä bankynyň prezidenti Ajaý Banga Bangkokda geçirilen Halkara Pul Gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň dolandyryş edaralarynyň güýzki mejlisinde çykyş eden mahalynda aýtdy.
Onuň bellemegine görä, ýakyn 15 ýylyň dowamynda 1,2 milliard töweregi ýaş adam 18 ýaşyny doldurar. Bu nesliň ýokary hilli bilim, saglygy goraýyş hyzmatlary, arassa suw we howa, şeýle hem hünär endiklerini edinmek üçin zerur şertler bilen üpjün edilmegi ägirt uly demografik mümkinçilik döredip biler.
Ajaý Banga ýaşlaryň kämillik ýaşyna ýetenden soň ykdysadyýete işjeň goşulmagy we jemgyýetiň öndürijilikli agzalary bolmagy üçin degişli iş orunlarynyň döredilmeginiň aýratyn möhümdigini nygtady.
Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, guramanyň maliýeleşdirýän infrastruktura taslamalaryna hem täzeçe çemeleşilýär. Ýol gurluşygyndan başlap, mekdepleriň we saglygy goraýyş edaralarynyň döredilmegine çenli amala aşyrylýan taslamalara indi olaryň täze iş orunlaryny döretmäge goşýan goşandy nukdaýnazaryndan has köp üns berilýär.
Banga bu ugurda üstünlikli tejribä eýe bolan ýurtlaryň biri hökmünde Singapury görkezdi. Şeýle-de ol iş orunlaryny döretmekde hususy maýanyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Bütindünýä bankynyň prezidentiniň bellemegine görä, döwletler işewürlik we maýa goýumlar üçin zerur şertleri döredýän bolsa, iş orunlarynyň esasy bölegini hususy pudak üpjün edýär. Onuň maglumatyna görä, dürli ýurtlarda iş orunlarynyň 75–85 göterimi hususy pudagyň paýyna düşýär.
Ajaý Banga ösüp barýan bazarlarda emeli aňyň ulanylyşy barada aýdyp, esasy maksadyň bu tehnologiýany diňe bir täzeçil çözgüt hökmünde däl-de, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrýan amaly gural hökmünde peýdalanmak bolmalydygyny nygtady.
Onuň pikirine görä, emeli aňyň iň uly mümkinçilikleriniň biri bilim, saglygy goraýyş we oba hojalygy ýaly ugurlarda işleriň netijeliligini ep-esli ýokarlandyryp biljek amaly programmalary döretmekden ybaratdyr.
Şol bir wagtyň özünde, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysy emeli aňyň ösüp barýan ýurtlarda käbir iş orunlarynyň ýitmegine sebäp bolmagy baradaky aladalaryň hem esasynyň bardygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda munuň giň gerimde bolup geçýändigini tassyklaýan subutnamalaryň ýokdugyny belledi.
Banga «kiçi emeli aň» diýlip atlandyrylýan tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň ilkinji nobatda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga we adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilmelidigini nygtady.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.