Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň («CNPC International LTD») Türkmenistandaky şahamçasy Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde ýokary bilim almak isleýän ýurdumyzyň raýatlaryndan resminamalaryň kabul edilýändigini mälim etdi.

Okuw alty hünär boýunça alnyp barlar:

nebit-gaz inženerligi;

nebit we gazy daşamak hem-de saklamak;

geologiýa we kän gözleg işleri, nebit-gaz känlerini işläp taýýarlamak we işletmek;

himiýa inženerligi we tehnologiýasy;

mehaniki taslamalaşdyrma we awtomatizirleme.

Kabul edişlige gatnaşmaga ýaşy 25-den uly bolmadyk, okuw görkezijileri gowy bolan we iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar.

Şunda kabul edişligiň iki tapgyrda geçiriljekdigini ýatladýarys:

matematika, himiýa we fizika boýunça synag

iňlis dilinde söhbetdeşlik.

Resminamalaryň kabul edilişi 16 – 31-nji mart aralygynda guralyp, iş günleri sagat 9:30-dan 17:00-a çenli «CNPC-niň» Aşgabatdaky şahamçasynyň edarasynda geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3.

Telefon belgileri: +99312 44-51-01, +99312 44-50-65, +99312 44-54-75