
Albaniýanyň sport habar beriş serişdeleri Aşgabatda geçiriljek futbol baýramyna bolan gyzyklanmany artdyrýarlar we 11-nji fewral agşamyny tutuş Merkezi Aziýa üçin taryhy pursat diýip atlandyrýarlar. «Sport Ekspres» portalynyň habaryna görä, ýyldyz Kristianu Ronaldunyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň sapary Türkmenistana taryhdaky ilkinji sapary bolar. AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň çärýek finalyna çykmak üçin uly göreşiň barýan pursadynda, Olimpiýa stadionynyň tomaşaçylardan doly bolmagyna garaşylýar.
Daşary ýurtly seljerijiler, Er-Riýadly ýyldyzlaryň kagyz ýüzünde güýçli bolup görünýändiklerine garamazdan, Aşgabatda olara ýeňil bolmajakdygyny belleýärler. Ýerli «Arkadag» topary döredileninden bäri geçen üç ýylyň içinde uly ösüşlere eýe bolup, täze we höwesjeň topardan yklym derejesindäki güýçli bir topara öwrüldi. Topar eýýäm ähli milli kuboklary eýelemegi we geçen ýyl AFK-nyň Çagyryş ligasyny utup, halkara bäsleşiklerde özüni tanatmagy başardy.
Türkmen futboly üçin bu duşuşyk diňe bir sport bäsleşigi bolman, eýsem milli üstünlikleriň özboluşly görkezilişi bolar.
Alban metbugatynyň habaryna görä, «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi Wladimir Baýramow pleý-off tapgyrynda Ronaldunyň toparyna garşy oýnuň türkmen toparynyň adyny dünýä taryhyna ýazmak üçin iň gowy mümkinçilikdigine düşünip, topary tejribeli oýunçylar bilen güýçlendirdi. Daşary ýurtly žurnalistler öňde duran duşuşygyň Türkmenistanyň Aziýanyň futbol kartasynda täze we möhüm merkez hökmünde barha artýan ornuny tassyklaýan ajaýyp waka boljakdygyny nygtaýarlar.
Petekleriň onlaýn satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy ýarym günüň içinde doly satylyp gutarylandygyny hem bellemek gerek.
Keywords