Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginiň zähmet topary şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda 11 million 716 müň manatdan gowrak möçberde önüm öndürdi.

Kärhanada çagalar we ulular üçin egin-eşikleriň dürli görnüşleri, düşekçe önümleri we öý hojalygynda ulanylýan dokma önümleri öndürilýär. Önümçiligiň esasy bölegini bolsa dürli edaralaryň we guramalaryň sargytlary esasynda taýýarlanylýan ýörite egin-eşikler, şol sanda iş eşikleri düzýär.

Fabrigde öndürilýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagy, tikinleriniň berkligi we biçüwiniň döwrebaplygy olaryň islegden düşmezligini üpjün edýär. Önümçilikde ýerli çig maldan taýýarlanan berk hem-de ekologiýa taýdan arassa materiallardan giňden peýdalanylýar.

Kärhanada köp sanly önümçilik işini ýokary takyklykda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän döwrebap enjamlaryň ulanylmagy tikinçileriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Önümleriň görnüşlerini artdyrmak we sarp edijileriň isleglerine laýyklykda täze modelleri önümçilige girizmek boýunça işler hem yzygiderli alnyp barylýar.

Tikin fabriginiň zähmet topary önümçilik depginlerini mundan beýläk-de ýokary derejede saklamagy maksat edinýär. Kärhanada ýylyň ahyryna çenli 21 million manatdan gowrak möçberde önüm öndürmek meýilleşdirilýär.

Daşoguz welaýaty Türkmenistanyň pagtaçylyk taýdan iri sebitleriniň biri bolmak bilen, bu ýerde ýerli pagtany çuňňur gaýtadan işlemek üçin hem giň mümkinçilikler bar. Welaýatda birnäçe pagta arassalaýjy kärhana, şeýle hem Daşoguz şäherinde we Köneürgenç etrabynda iri pagta egriji fabrikler netijeli işleýär. Olarda öndürilýän önümler daşary ýurt bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar.

Soňky ýyllarda telekeçiligi goldamaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň we kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek üçin döredilýän amatly şertleriň netijesinde welaýatda egin-eşik öndürýän hususy kärhanalaryň sany hem artýar.

Daşoguz welaýatynda dokma we tikinçilik pudagynyň ösdürilmegi ýerli çig malyň gaýtadan işleniş derejesini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge hem-de içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berýär.