Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik «Daýhanbank» banky ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara hem-de olaryň maşgalalaryna okuw töleglerini tölemek üçin «Talyp karzy» atly ýörite ýeňillikli karzy hödürleýär.

Bankyň maglumatlaryna görä, bu karz ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek we hünär başarnyklaryny ösdürmek üçin ýurtda alnyp barylýan syýasatyň çäklerinde ýola goýuldy.

«Talyp karzy» diňe Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplara berilýär. Karz nağtsyz görnüşde resmileşdirilip, diňe okuw tölegini tölemek üçin niýetlenendir.

Karzyň esasy şertleri:

  • Karzyň möçberi: 42 000 manada çenli;

  • Ýyllyk göterim derejesi: 5%;

  • Karzyň möhleti: 3 ýyla çenli.

Karzyň möçberine baglylykda üpjünçilik talaplary hem kesgitlenýär. 10 000 manada çenli karz üçin bir ýa-da birnäçe raýatyň kepilligi kabul edilýär. 15 000 manada çenli karz almak üçin iki ýa-da birnäçe raýatyň kepilligi talap edilýär. 15 000 manatdan 42 000 manada çenli karzlar bolsa girew bilen üpjün edilýär.

«Daýhanbank» okuw tölegini tölemek üçin karz almak isleýän müşderileriň arzalaryny we zerur resminamalaryny, şol sanda onlaýn görnüşde, bankyň resmi internet saýty arkaly hem kabul edýändigini habar berdi.

Goşmaça maglumat almak üçin bankyň sebitlerdäki degişli bölümlerine şu telefonlar arkaly ýüz tutup bolýar:

Aşgabat: (+993 12) 38-03-79, 38-02-86, 24-44-55, 24-52-85
Ahal welaýaty: (+993 137) 33-4-39
Balkan welaýaty: (+993 246) 52-1-51
Daşoguz welaýaty: (+993 322) 93-5-07
Lebap welaýaty: (+993 422) 91-3-48
Mary welaýaty: (+993 522) 67-6-40

«Talyp karzy» okuw töleglerini ýeňillikli şertlerde tölemäge mümkinçilik döredip, talyplaryň we olaryň maşgalalarynyň maliýe ýüküni azaltmaga gönükdirilendir.