
Türkmen döwletimiz gurply döwlet, türkmen döwletimiz gurýan hem döredýän döwlet, türkmen döwletimiz şanly ertirlerimize tarap ynamly gadam urýan döwlet. Biz şeýle döwletiň deňli-derejeli raýatlarydygymyza, şeýle döwletiň bagtyýar ýaşlarydygymyza diýseň buýsanýarys. Çünki ýurdumyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürülýär.
Munuň özi ýöne ýere däl, çünki adam jemgyýetiň iň gymmatly baýlygydyr. Şeýle alada geljek nesillerimiz üçin, olaryň döwletimiziň mynasyp raýatlary bolup ýetişmekleri üçin amala aşyrylýan tutumly işleriň mysalynda has-da aýdyň duýulýar.
Ýurdumyzda körpe nesillerimiz üçin döwrebap çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda bagtyýar ýaşlarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerimize muwapyk edep-terbiýe almaklary, dünýä derejesinde bilim alyp, ylmy gözlegleriň ummanyna aralaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Biz hem şu günler şeýle giň mümkinçilikleriň gurşawynda ylym-bilim alýarys.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ylym-bilim başarnyklarymyzy has-da artdyrmagymyz, döwrebap tehnologiýalardan kämil baş çykarmagymyz hakynda yzygiderli alada edýär. Biz şeýle aladalary elmydama duýup ýaşaýarys. Şu günler gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy hem ýaşlar hakyndaky aladanyň anyk güwäsidir. Biz ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan institutymyzyň täze gurulýan binalar toplumyny her gezek begenç hem buýsanç bilen synlaýarys. Çünki Türkmenabat şäherimiziň gündogarynda peýda bolan täze binalar toplumy giden bir şäheri ýatladyp, günsaýyn gözel keşbe girýär. Nesip bolsa, indi biziň täze toplumyň giň hem ýagty otaglarynda okajak günlerimiz, onuň baý kitaphanasynda sapaklarymyza taýýarlanjak pursatlarymyz, sport meýdançalarynda dürli bäsleşiklere gatnaşjak wagtlarymyz hem uzakda däl.
Biz şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Keywords