Dünýäniň dürli ýurtlarynda sungat, tehnologiýa, energetika we sport ulgamlaryna degişli birnäçe täzelik boldy. Olaryň arasynda Nýu-Ýorkda Wan Goguň eseriniň ýokary bahadan satylmagy, kosmos we awtoulag kompaniýalarynyň birleşdirilmegi baradaky meýilnama, emeli aňly telewizoryň işlenip taýýarlanylmagy hem-de ABŞ-da nebit önümçiliginiň rekord derejä ýetmegi bar.
Wan Goguň eseri 190,4 million dollara satyldy
Niderland suratkeşi Winsent Wan Goguň 1890-njy ýylda döreden «Gülleýän kaştan» atly eseri Nýu-Ýorkda geçirilen «Sotheby’s» auksionynda 190,4 million dollara satyldy. Bu baha bilen surat dünýäniň iň gymmat sungat eserleriniň arasynda dokuzynjy orny eýeledi. Eseriň auksiona çykaryljakdygy baradaky habar söwdalaryň başlanmagyna birnäçe sagat galanda mälim edildi.
Ilon Mask «SpaceX» we «Tesla» kompaniýalaryny birleşdirmegi meýilleşdirýär
«Bloomberg» agentliginiň habar bermegine görä, Ilon Mask şu ýylyň dekabr aýynda «SpaceX» we «Tesla» kompaniýalaryny birleşdirmek meýilnamasyny yglan edip biler. Bu ädim emeli aň tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly elektroulaglary, energiýa ulgamlaryny we kosmos enjamlaryny bir kompaniýanyň çäginde jemlemegi göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda iş toparlary birleşmegiň şertlerini we geljekki dolandyryş düzümini işläp taýýarlaýarlar.
Polşanyň Prezidenti Donald Trampa ýantar bilen bezelen kürsi sowgat berdi
Polşanyň Prezidenti Karol Nawroskiý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa 80 ýaş toýy mynasybetli ýantar bilen bezelen kürsi sowgat etdi. TVN24+ neşiriniň maglumatyna görä, meşhur polşaly ussa Lýusýan Myrta tarapyndan taýýarlanan «ýantar tagt» iýun aýynda geçirilen saparyň dowamynda gowşurylypdyr. Tebigy ýantary işlemek Polşanyň gadymy amaly-haşam senetleriniň biri bolup, ýurduň medeni mirasynyň möhüm bölegi hasaplanýar.
«Samsung» tomaşaçynyň hereketlerini tanaýan telewizory taýýarlaýar
«Samsung» kompaniýasy tomaşaçynyň hereketlerini emeli aňyň kömegi bilen tanaýan täze telewizory işläp taýýarlaýar. Enjam tomaşaçy otagdan çykanda wideony awtomatik ýagdaýda duruzar, ol yzyna dolananda bolsa görkezilişi dowam etdirer. Şeýle-de ulanyjylar ekranda görkezilýän mazmun barada goşmaça maglumat alyp bilerler. Täze telewizoryň 2027-nji ýylyň ýanwarynda Las-Wegasda geçiriljek CES halkara sergisinde tanyşdyrylmagyna garaşylýar.
ABŞ-da nebit önümçiligi taryhy rekord derejä ýetdi
ABŞ-da bir günde öndürilýän nebitiň möçberi 14,032 million barrele ýetdi. ABŞ-nyň Energetika maglumatlary müdirliginiň (EIA) maglumatyna görä, bu görkeziji 30-njy oktýabrda hasaba alnan öňki rekorddan — 14,003 million barrelden ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň Energetika ministrligi iri ýurtlarda ykdysady ösüşiň haýallamagyny nazara alyp, 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüşi baradaky çaklamasyny peseltdi.
Ummanyň ortasynda ýüzýän senagat şäherini gurmak teklip edildi
Amerikaly milliarder Palmer Laki ummanyň ortasynda SLAB atly senagat şäherini gurmak taslamasyny öňe sürdi. Taslama metallary we nebiti gaýtadan işlemek, lukmançylyk barlaglaryny geçirmek, himiýa senagaty hem-de deňiz suwuny süýjetmek ýaly ugurlara niýetlenen ägirt uly ýüzýän beton meýdançany döretmegi göz öňünde tutýar. Laki bu taslamanyň gury ýerde gurulýan önümçilik desgalary bilen deňeşdirilende has arzan boljakdygyny we käbir kadalaşdyryjy çäklendirmeleri ýeňip geçmäge mümkinçilik berjekdigini belleýär.
Şanhaýda Kriştiano Ronaldonyň täze muzeýi açyldy
Hytaýyň Şanhaý şäherinde portugaliýaly futbol ýyldyzy Kriştiano Ronaldonyň CR7 muzeýi açyldy. Meýdany 3 müň inedördül metre barabar bolan muzeýiň girelgesinde futbolçynyň beýikligi 7 metre ýetýän heýkeli oturdyldy. Sergide Ronaldonyň sport karýerasyna degişli 50-den gowrak gymmatly eksponat, şol sanda «Altyn top» baýragy we Ýewropa çempionatynyň kubogy görkezilýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.