Islandiýanyň günorta kenaryndan takmynan 32 kilometr uzaklykda ýerleşýän Surtseý adasy 1963-nji ýylda wulkan atylmalarynyň netijesinde emele gelipdir. Häzirki wagtda bu ada tebigy ekoulgamlaryň adamyň täsirinden daşarda nähili kemala gelýändigini öwrenmek üçin özboluşly ylmy meýdança hasaplanýar.
Surtseý adasy syýahatçylar üçin ýapyk bolup, oňa diňe ýörite rugsady bolan alymlar we hünärmenler baryp bilýärler. Adada agaç ekmek, başga ýerlerden ösümlik nahallaryny ýa-da tohumlary getirmek gadagan edilýär. Bu çäklendirmeler tebigy ösüşiň diňe öz-özünden bolup geçmegini üpjün etmek maksady bilen girizilipdir.
Alymlar adada ösümlikleriň we beýleki janly-jandarlaryň nähili peýda bolýandygyny, olaryň täze gurşawa nähili uýgunlaşýandygyny hem-de ýaýraýandygyny öwrenýärler. Gözlegçiler 1964-nji ýyldan bäri adanyň tebigy ösüşine yzygiderli gözegçilik edip gelýärler.
1965-nji ýylda Surtseýde ilkinji damarly ösümlik peýda bolupdyr. Ondan soňky ýyllarda ösümlik dünýäsiniň görnüş sany yzygiderli artýar: 10 ýyl içinde olaryň sany 10-a, 2004-nji ýylda bolsa 60-a ýetipdir.
Häzirki wagta çenli adada ösümlikleriň 75 görnüşi, lişaýnikleriň 71 görnüşi we kömelekleriň 24 görnüşi hasaba alnypdyr. Şeýle-de bu ýerde guşlaryň 89 görnüşiniň ýaşaýandygy anyklanypdyr. Meýdany 141 gektara barabar bolan adada oňurgasyz jandarlaryň 335 görnüşi hem duş gelýär.
Surtseý adasy tebigatyň täze ýaşaýyş giňişligini özbaşdak nähili özleşdirýändigini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, alymlara ekoulgamlaryň kemala geliş we ösüş tapgyrlaryna uzak möhletleýin gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.