
2026-njy ýylyň 4-nji martynda BMGÖM-niň (BMG-niň Ösüş Maksatnamasy) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan ýaşlar üçin guralan okuwynyň çäklerinde Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary jemgyýeti we ykdysadyýeti ösdürmekde emeli aňyň (EA) hem-de sanly innowasiýalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň dowamynda BMGÖM-niň halkara bilermeni jenap Tristan Post sanly endikleriň, etikanyň we tehnologiýalary jogapkärçilikli ulanmagyň möhümdigini nygtap, emeli aňyň bilimi, döwlet hyzmatlaryny we geljekki hünärleriň bazaryny nähili özgerdýändigi barada gürrüň berdi.
Gatnaşyjylar emeli aňyň ösüşiniň irki tapgyrlaryndan başlap, häzirki zaman öňdebaryjy ulgamlaryna çenli ösüşine seredip geçdiler we awtomatlaşdyrmagyň hem-de täze tehnologiýalaryň zähmet bazaryny nähili üýtgedýändigini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň dowamynda isleg bildiriljek endiklere, täze hünärlere, şeýle hem emeli aňyň jemgyýete ýetirýän has giň täsirine aýratyn üns berildi.
«Ýaşlar we sanly özgertmeler: durnukly ösüş üçin innowasiýalar» atly okuw maslahat tapgyry, BMGÖM bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirildi.
Keywords