
Russiýaly ACA türgeni Ramazan Emeýew UFC-niň ýarym-ýeňil agramdaky çempiony Islam Mahaçew barada pikir aýtmak bilen, onuň üçin iň howply garşydaşlaryň biriniň Şawkat Rahmonow bolup biljekdigini belledi.
Onuň sözlerine görä, Rahmonow boýdan uzyn, güýçli we gowy taýýarlyga eýe. Emeýew özüniň Mahaçew bilen bilelikde türgenleşýändigini we onuň ýagdaýynyň barha gowulaýandygyny aýtdy.
Ol Mahaçewiň fiziki taýýarlygynyň we dykyzlygynyň ýokarlanandygyny, has çalt dikelýändigini hem-de tutluşyklara has ünsli çemeleşýändigini nygtady. Emeýewiň pikiriçe, Mahaçew ýene-de azyndan üç ýyl çempion bolup biler.
Islam Mahaçew soňky tutluşugyny 2025-nji ýylyň noýabrynda UFC 322-de geçirip, Jek Della Maddalena garşy eminleriň biragyzdan çözgüdi bilen ýeňiş gazandy. Onuň hasabynda 28 ýeňiş we 1 ýeňliş bar.
Keywords