
2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Ýer togalagynyň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy (EA) ulandy. Bu bolsa emeli aň tehnologiýasynyň geljekde ýaýramagy üçin uly mümkinçiligiň bardygyny görkezýär. Şunda emeli aňyň ulanylyş derejesi ýurtdan ýurda görnetin tapawutlanýar. Demirgazyk ýurtlarda bu görkeziji ortaça 24,7%-e ýetýän bolsa, Günorta ýurtlarda bu görkeziji bary-ýogy 14,1%-e deň. Bu görkezijilerde goňşy döwletlerden epesli öňe geçen Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) we Singapur aýratyn tapawutlanýar. Bu infografika «Microsoft» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan «Global AI Adoption in 2025» hasabatynyň maglumatlary esasynda emeli aňyň ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş derejesini görkezýär. Seljermäniň çäginde «Microsoft» dünýäniň 147 ýurdunda emeli aňyň ulanylyş gerimine baha berdi. Generatiw EA gurallaryny ulanýanlaryň 64% paýy bilen Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) diňe bir dünýäde birinji orny eýelemek bilen çäklenmän, eýsem, ornaşdyryşyň iň ýokary ösüş depginine eýe bolan ýurtlaryň hataryna girýär. Hatda «ChatGPT» işe girizilmezinden ozal hem emeli aň tehnologiýalary BAE-niň döwlet hyzmatlarynda işjeň ulanylýardy. Muňa ykdysadyýetiň dokuz sany esasy pudagyny öz içine alýan emeli aňy ösdürmek boýunça 2017-nji ýylda kabul edilen milli strategiýanyň çäginde döredilen irki düzgünleşdiriji we dolandyryş çarçuwalary ýardam etdi. Ikinji orny ilatynyň 60,9%-i emeli aňdan peýdalanýan Singapur eýeleýär. BAE ýaly, Singapur hem infrastruktura, barlaglara we işläp düzmelere maýa goýup, başlangyç tapgyrda emeli aňa bil baglady. Ýewropada bolsa Norwegiýa öňdebaryjy boldy, skandinaw ýurdy 46,4% ornaşdyryş derejesi bilen dünýäde üçünji orny eýeleýär. Ondan soňra ösen tehnologik ekoulgamy bolan Irlandiýa (44,6%) we Fransiýa (44%) gelýär. ABŞ-da emeli aňyň ulanylyş derejesi 28,3%-e deň, bu bolsa umumy reýtingde 24-nji orna barabardyr. Sanawyň soňunda ilatynyň 5,1%-i emeli aňdan peýdalanýan Kamboja gelýär. Ösüş kem-kemden duýulsa-da, ýeterlik bolmadyk maýa goýumlary we çäkli infrastruktura emeli aňy has giňişleýin ornaşdyrmak üçin esasy päsgelçilikler bolup durýar.
Keywords