Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) hasabat-saýlaw maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen 35 sany wekiliň gatnaşmagynda geçen ýygnakda, 35 ýaşly sport ussady Eziz Döwletowyň dalaşgärligi biragyzdan goldanyldy we ol guramanyň ýolbaşçysy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete saýlandy.
Eziz Döwletowyň ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda ýurdumyzyň Tennis federasiýasy sport diplomatiýasy ugrunda uly üstünlikleri gazandy. Ol şeýle hem Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti we halkara derejeli "Dewis Kubogy" hem-de "Billi Jin King Kubogy" ýaryşlaryny guraýan ITF-iň dünýä işçi toparynyň agzasydyr.
Maslahatda halkara tennis jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň bu ugurdaky ösüşlerine ýokary baha berýändigi aýratyn bellenildi. ATF tarapyndan Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aziýada iň çalt ösýän guramalaryň biri hökmünde ykrar edildi. Şeýle hem paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy Aziýa sebitiniň Okuw-türgenleşik merkezi statusyna eýe boldy. Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabada amala aşyran saparlary hem-de türkmen paýtagtyna Arkalaşygyň "Täze sport mümkinçilikleriniň şäheri" diýen derejäniň berilmegi bu ugurdaky möhüm ädimler boldy.
TTF-iň bilim ulgamy häzirki wagtda ITF-iň resmi ygtyýarnamasyna eýe bolup, bu gurama tälimçileri özbaşdak sertifikatlaşdirmaga mümkinçilik berýär. Federasiýanyň işjeňliginde Russiýanyň Halkara Olimpiýa uniwersiteti bilen gazanylan ylalaşyk we ÝUNISEF bilen bilelikde durmuşa geçirilýän "Arbada oturanlar üçin tennis" atly durmuşy ähmiýetli taslama aýratyn orun tutýar.
Şular bilen bir hatarda, türkmen tennisçileriniň halkara meýdançalardaky netijeleri hem görnetin ýokary göterildi:
- Erkekler ýygyndy topary: "ITF Master’s" dünýä çempionatynda ilkinji gezek çykyş edip, dünýäniň iň güýçli 8 toparynyň hataryna girdi we "Dewis Kubogy" ýaryşynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparyndaky ornuny ynamly dikeltdi.
- Aýallar ýygyndy topary: "Billie Jean King Cup" ýaryşynyň zolaklaýyn bäsleşiginde kümüş medala mynasyp boldy.
- Ilima Guseýnowa: 14 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Aziýanyň ikinji raketkasy bolup, taryhy üstünligi gazandy.
- Ýaşlar ýygyndysy: 16 ýaşa çenli oglanlar ilkinji gezek ýaşlar arasyndaky "Dewis Kubogynyň" final tapgyryna wekilçilik etdiler. Nýazli Hudaýgulyýewa bilen Sulgun Işankulyýewa bolsa Bahreýndäki saýlama çempionatda uly ýeňiş gazanyp, 2027-nji ýylyň ýaşlar arasyndaky "Uly şlem" (Grand Slam) ýaryşlaryna tarap ynamly gadam urdular.
Maslahatyň ahyrynda federasiýanyň Dolandyryş geňeşiniň täze düzümi tassyklandy. Ezizmurat Annamuradow, Nikolaý Şeguns, Ata Eýeberdiýew we Mirali Gasanow TTF-iň wise-başlyklary, Ogultaç Gurbanberdiýewa bolsa baş sekretar wezipesine saýlandylar.










Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.