
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň gümrük ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň halkara üstaşyr mümkinçilikleri has-da giňeldilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijelerini görkezmek bolar. Barlaglaryň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerinden harytlaryň eksportynda we üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar seljerildi. Şol barlaglarda Farap gümrük nokady aýratyn tapawutlanyp, iň gysga wagtly we netijeli gümrük amallarynyň alnyp barylýan geçelgeleriniň biri hökmünde hasaba alyndy.
Seljermelere görä, 2025-nji ýylyň awgust ― oktýabr aýlarynda Farap, Garabogaz we Daşoguz awtoýollary gümrük nokatlarynda eksport we üstaşyr maksatly ýükleri daşaýan awtoulaglaryň gümrük amallary üçin sarp edilýän wagt ortaça 37 minuta deň boldy. Bu görkeziji Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gysga wagt hasaplanylýar. Mysal üçin, Gazagystanda bu görkeziji 1 sagat 30 minut, Täjigistanda 1 sagat 40 minut, Gyrgyzystanda 1 sagat 44 minut, Özbegistanda bolsa 1 sagat 10 minutdyr. Şeýle hem gümrük serhetlerinde ulaglaryň nobaty boýunça geçirilen seljermelerde Farap gümrük nokadynda awtoulaglaryň nobata durýan wagty 35 minuda çenli bolup, beýleki ýurtlarda bu görkeziji birnäçe sagada çenli uzalýar.
Gazanylan bu netijeler Farap gümrük nokadynyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr baglanyşyk hökmünde ornunyň barha pugtalanýandygyny tassyklaýar. Munuň esasynda gümrük infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, «ýaşyl geçelgeleriň» döredilmegi hem-de gümrük gözegçiliginiň utgaşykly we netijeli ýola goýulmagy durýar. Farap gümrük nokady häzirki wagtda diňe bir milli ykdysadyýetiň däl, eýsem, halkara üstaşyr hyzmatdaşlygyň hem ygtybarly we tiz hyzmat edýän möhüm bölegine öwrülýär.
Keywords