2026-njy ýylyň 28–30-njy awgusty aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we Syýahat» žurnaly tarapyndan gadymy Köneürgenje syýahatçylyk gezelenji guralar.

Syýahatyň dowamynda gatnaşyjylar demir ýol arkaly gadymy Köneürgenje baryp, bu sebitiň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen ýakyndan tanyşyp bilerler. Gezelenç gadymy şäheriň binagärlik aýratynlyklaryny we baý medeni mirasyny öwrenmäge mümkinçilik berer.

Köneürgenç Türkmenistanyň taryhy we medeni taýdan möhüm merkezleriniň biri bolup, onuň çägindäki birnäçe ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly tarapyndan ýurduň içindäki syýahatçylygy ösdürmek we Türkmenistanyň taryhy-medeni hem-de tebigy mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen dürli ugurlar boýunça syýahatçylyk ugurlary yzygiderli guralýar. Bu ugurlaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärlikler, Köýtendagyň gözel ýerleri we beýleki syýahatçylyk merkezleri bar.

Guralýan gezelençleriň dowamynda gatnaşyjylar demir ýol we awtoulag ulaglary arkaly dürli taryhy we tebigy ýerlere baryp görýärler.

Syýahat barada goşmaça maglumatlary 44-01-40, (+993 62) 50-36-50 we (+993 63) 27-66-74 telefon belgilerinden alyp bolýar.