
Türkmenistanyň dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu ýylyň 21–24-nji maýy aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek VIII Etnosport medeniýet festiwalyna gatnaşar. 25 adamdan ybarat wekiliýete Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew ýolbaşçylyk eder.
Bütindünýä etnosport birleşigi tarapyndan guralýan bu abraýly çäre Stambulyň Atatürk adyndaky howa menziliniň çäginde bolar. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy S. Pygyýewiň bellemegine görä, topar ahal-teke bedewlerini we milli mirasymyzy dünýä jemgyýetçiligine mynasyp derejede görkezmäge doly taýýar.
Dört günläp dowam etjek festiwalyň çäklerinde tomaşaçylara:
Şeýle-de, festiwalynyň myhmanlaryna at münmek we ýaýdan ok atmak ýaly çarwa durmuşynyň adaty ýörelgelerini synap görmek mümkinçiligi dörediler.
«Galkynyş» topary bu festiwalda öňden gelýän we garaşylýan gatnaşyjylaryň biridir. 2025-nji ýylda geçirilen öňki festiwalda hem türkmen çapyksuwarlary özleriniň gaýtalanmajak çykyşlary bilen çäräniň esasy nyşanyna öwrülipdiler. Şol ýyl topar, şeýle hem Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynyň iň uly baýragyna mynasyp bolup, öz abraýyny dünýä derejesinde tassyklady.
Stambulda geçiriljek bu medeni baýrama giriş ähli myhmanlar üçin mugt bolar.
Keywords