
Bahar paslynyň gelmegi bilen oba hojalykçylaryň aladalary has-da artyp, geçirilýän agrotehniki çäreleriň depgini yzygiderli güýçlendirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň gallaçy kärendeçileri ak ekinlere edilýän idegiň talabalaýyk geçirilmegi ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Bu işde gallaçy babadaýhanlaryň saldamly goşandy bar. Welaýatymyz boýunça 130 müň gektar meýdana bugdaýyň öň synagdan geçirilen görnüşleri ekilip, bereketli hasyla garaşylýar.
Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşigi tutuş ýurdumyzda öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Şu günler hojalykda gowaça ekişine taýýarlyk bilen bir hatarda ak ekinlere ideg işleri göwnejaý ýola goýlup, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, ösüş suwy tutulýar.
— Daýhan birleşigimiz boýunça 1272 gektar meýdanda bugdaýyň ýokary hasyl berýän «Alekseiç» we «Bezostyý-100» saýlantgy görnüşleri ekildi. Şondan 600 gektarda tohumlyk bugdaý almaklyk meýilleşdirilýär. Geçen oba hojalyk ýylynda 4 müň 300 tonna hasyly döwlet harmanyna tabşyryp, galla oragy möwsümini ýokary netijeler bilen jemledik. Gowaçadan hem bitginli hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamamyzy 108 göterime ýetirmegiň hötdesinden geldik — diýip, daýhan birleşiginiň agronomy Şatlyk Jumaýew gürrüň berýär.
Daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler topary eýýäm köp ýyldan bäri etrap boýunça ýokary görkezijileri gazanyp gelýär. Geçen ýylyň altyn güýzünde irgözinden topraga sepilen bereket tohumy endigan gögerip, häzirki günlerde ekin meýdanlaryndaky ýaşyl maýsalar birenaýy tolkun atýar. Şu günler ak ekinleri ýapragyndan mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, şeýle hem zyýankeşlere, haşal otlara garşy göreş çäreleri talabalaýyk alnyp barylýar.
— Biziň toparymyzda gallaçy-kärendeçileriň 32-si bar. Geçen oba hojalyk ýylynda toparymyzyň kärendeçileri 71 gektar meýdanda ýetişdirilen ak ekinlerden 285 tonna galla ýygnap, Watan harmanyna tabşyrdylar. Nesip bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylynda biziň zähmet görkezijilerimiz has-da ýokary bolar. Şu ýyl ene toprakdan gallanyň 350 tonnasyny ýygnamaga doly mümkinçiligimiz bar — diýip, daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Hudaýberdi Orunow buýsanç bilen gürrüň berýär.
Döredijilik saparymyzyň dowamynda gallaçy-kärendeçi Ikram Kurbanowyň birkemsiz idegi ýetirilen kärende ýeri biziň ünsümizi özüne çekdi. Endigan boý alýan maýsalar daýhanyň irginsiz yhlasyndan habar berýär. Ikram maşgalasy bilen 2008-nji ýyldan bäri gowaça hem-de bugdaý ekip, bol hasyl alyp gelýändigini aýtdy.
— Men 18 ýyldan bäri ekerançylyk bilen meşgullanýaryn. Kakam, atam dagy hem daýhançylykdan abraý gazandy. Ýere ideg etmegiň inçe syrlaryny şolardan öwrendim. Ine, şu synlaýan 2 gektar meýdanymyzyň her gektaryndan geçen ýyl 50 sentnerden, ýagny, 10 tonna hasyl aldym. Şu ýyl bugdaýyň ösüşiniň has gowudygyny nazara alyp, 55 sentnerden geçirip, hasyl ýygnajakdygyma gözüm ýetýär. Ýanýoldaşym Zamira, gyzym Rugsat, ogullarym Meýlis hem Mukam dagy meniň iň ýakyn kömekçilerim. Eýýäm birnäçe ýyldan bäri maşgalamyz bolup, ýüpek gurçugyny idedip, döwletimiziň kümüşsöw çäjine öz goşandymyzy goşýandygymyza çäksiz buýsanýarys. Geçen oba hojalyk möwsüminde 150 kilogram piläni Watan harmanyna tabşyrdyk — diýip, öz işiniň ussady Ikram Kurbanow zähmet ýeňişleri barada buýsançly gürrüň berýär.
Oba hojalygy pudagynda ýetilýän belent sepgitler üçin daýhanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Keywords