Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesinde gurlup, Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen işe girizilen «Garabogazkarbamid» zawody ýurdumyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda ýaponiýaly we türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan bina edilen bu häzirki zaman kärhanasynda işleriň ýokary sazlaşykda alnyp barylýandygy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda öňde goýlan maksatlara ýetiljekdigine ynam döredýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­lala­ry ne­ti­je­sin­de, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miziň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan hi­mi­ýa se­na­ga­ty pu­da­gy ynam­ly gadam­lar bi­len iler­le­ýär. «Ga­ra­bo­gazkar­ba­mid» za­wo­dy 10 müň ton­na­lyk am­miak am­ma­ry­ny, umu­my sy­gy­my 100 müň ton­na kar­ba­mi­de deň bo­lan am­mar­la­ry, de­ňiz su­wu­ny aras­sa­laý­jy we süý­je­di­ji des­ga­ny, elekt­rik ener­giýa­sy­ny ön­dür­ýän kuw­wat­ly gaz­tur­bi­na ge­ne­ra­to­ry­ny, ýa­şa­ýyş-dur­muş hemde me­de­ni mak­sat­ly bi­na­la­ry, şo­nuň ýa­ly-da, beý­le­ki dü­züm­le­ri özün­de jem­le­ýär. Hä­zir­ki za­man yl­my­nyň we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­niň ga­za­nan­la­ry­na da­ýan­ýan za­wo­dyň önüm­çi­lik kuw­waty her ýyl­da ýo­ka­ry hil­li kar­ba­mi­diň 1 mil­lion 155 müň ton­na­sy­ny, am­mia­gyň bol­sa 660 müň ton­na­sy­ny ön­dür­mä­ge ba­ra­bar­dyr. Bu ýer­de ön­dü­ril­ýän önümi za­wod­dan gä­mi du­ral­ga­sy­na da­şamak üçin uzyn­ly­gy 3 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan kon­we­ýer ul­ga­my hem he­re­ket ed­ýär. «Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wody bir ýyl­da 1 mil­liard kub met­re go­laý te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ni­ýetle­nen­dir. Şeý­le uly önüm­çi­lik mümkin­çi­li­gi­ne eýe bo­lan za­wod ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň ra­ýat­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si­ni he­mi­şe­lik iş orun­la­ry bi­len üp­jün et­di. Bu döw­re­bap kär­ha­na ýur­du­my­zyň gaz­hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ösüş­le­ri­ne aýgyt­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da saz­la­şyk­ly iş­le­ýän bu za­wod ýur­dumy­zyň hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly alyn­ýan önüm­ler bi­len mil­li ykdy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ry­nyň ze­rur­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek, şeý­le-de şol önüm­le­riň da­şar­ky ba­zar­la­ra ibe­rilýän möç­ber­le­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­mak ba­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gin­de tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Döwre­bap kär­ha­na­nyň önüm­le­ri­ne bo­lan is­leg di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, da­şar­ky ba­zar­lar­da-da bar­ha art­ýar. «Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wo­dy­nyň zäh­met to­par­la­ry «Ga­raş­syz, ba­ky Bita­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly atmy­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň il­kin­ji aýyn­da gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­re eýe bol­du­lar. Has dog­ru­sy, olar şu ýy­lyň il­kin­ji aýyn­da karba­mid dö­kün­le­ri­niň 95 müň ton­na­sy­ny ön­dür­me­giň höt­de­sin­den gel­di­ler. Munuň özi me­ýil­na­ma­da gör­ke­zi­len­den 25 müň ton­na köp bo­lup, ol ösü­şiň 136 göte­ri­mi­ne ba­ra­bar­dyr. Şeý­le hem za­wod bo­ýun­ça şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 40 müň ton­na de­rek 54 müň ton­na­dan gow­rak am­miak ön­dü­ril­di. Ne­ti­je­de, ön­dü­ri­len önüm tab­şy­ryk­dan 14 müň ton­na­dan gow­rak köp bo­lup, bu ba­bat­da 135 göte­rim ösüş ga­za­nyl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­syn­da bu zawo­dyň önü­mi­ne bo­lan is­le­giň bar­ha artýandy­gy bol­sa ha­sam gu­wan­dy­ry­jy­dyr. — 2018-nji ýyl­da işe gi­ri­zi­len za­wody­myz ýur­du­my­zyň gaz­hi­mi­ýa pu­da­gynyň has hem iler­le­me­gi­ne my­na­syp goşant goş­ýar. Iri se­na­gat des­ga­sy bo­lan «Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wo­dy­na dünýä­niň öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­sion teh­no­logi­ýa­la­ry or­naş­dy­ry­lyp, onuň önüm­le­ri eks­por­ta ni­ýet­le­nen­dir. Ne­ti­je­de, ýur­dumyz hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni eks­port ed­ýän iri döw­let­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Ge­çen ýyl hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we­la­ýa­tymy­zyň Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da ýyl­da 1 mil­lion 155 müň ton­na kar­ba­mid öndür­ýän ýe­ne bir top­lu­myň gur­lu­şy­gy­na ak pa­ta ber­me­gi ýo­ka­ry zäh­met üs­tünlik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­dy. Kar­ba­mid ön­dürýän bö­lü­mi­mi­ziň hü­när­men­le­ri­niň yh­lasly zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de, şu ýy­lyň ýan­war aýyn­da me­ýil­na­ma­dan daş­ga­ry 25 müň ton­na kar­ba­mid dö­kü­ni­ni ön­dür­me­gimiz aý­dan­la­ry­my­zyň aý­dyň gü­wä­si­dir. Ön­dür­ýän önüm­le­ri­mi­ziň ag­la­ba bö­legi­ni Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne, Tür­ki­ýä, Ow­ga­nys­ta­na, Sin­ga­pu­ra we Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na eks­port ed­ýä­ris — di­ýip «Gara­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wo­dy­nyň kar­bamid ön­dür­ýän bö­lü­mi­niň ýol­baş­çy­sy Aga­my­rat Şa­ja­ýew gür­rüň ber­ýär.