
Ata-babalarymyz: «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Dogrudanam, gyşyň bir görseň-ä ýagynly, ýene bir görseň şemally günleri biri-biri bilen tirkeşip dur. Şeýle bolansoň, gyş pasly uzak örüdäki janypkeş maldarlaryň durmuşynda uly synag bolup durýar. Ýöne her möwsüme taýýarlykly barmagy özüniň jana-jan borjy hasaplaýan adamlar üçin işiň müşgili, tebigatyň ýowuz synaglaryna abraý bilen hötde gelmegiň hiç bir päsgelçiligi ýok. Welaýatymyzyň maldarçylyk hojalyklarynda şeýle janypkeş dowardarlar näçe diýseň bar.
Halaç etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalygy welaýatymyzda öňdebaryjy hojalyklaryň biri hasaplanylýar. Bu ýerde zähmet çekýän armazak maldarlaryň ýylyň-ýylyna gazanýan netijeleri hem göwnüňi dokundyrýar. Olar geçen ýylda hem dowarlardan owlak-guzy almakda, ýüň öndürmekde ýokary netijeleri gazandylar. Maldarlar şu günler hem mallary dok we ýyly gyşlatmak bilen, gyşdan tükel alyp çykmak üçin irginsiz zähmet çekýärler. Hojalygyň maldarlary howanyň sowuk wagtlary dowarlary goşmaça iýmitlendirmek üçin gerek boljak ot-iým gorunyň 421 tonnasyny taýýarlapdyrlar. Olar ýetip gelýän owlak-guzy almak möwsümine hem ykjam taýýarlyk görýärler.
— Obadan 150 kilometr uzaklykda, Garagumuň jümmüşine uzap gidýän öri meýdanlarymyz bar. Şol meýdanda goýun sürülerimiziň 23-si ýerleşip, hojalygymyzda dowarlaryň 6667-si gyşladylýar. Olar bu ugurdan baý tejribe toplan kärendeçi çopanlaryň 23-sine paýlanylyp berildi. Şeýle bolansoň, kärendeçiler jogapkärçiligi duýup, öz işlerine yhlasly çemeleşýärler. Biz geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem gowy netijeler bilen jemledik. Ene goýunlaryň 100-sinden 102 guzy alyp, meýilnamamyzy 102 göterim berjaý etdik. Aýratyn-da, tejribeli çopanlarymyz Nurmyrat Allaberdiýew, Çary Begmyradow, Gurban Jumakulyýew dagy has ýokary netijeleri gazanyp, kärdeşlerine nusga alarlyk görelde boldular.
Hojalygymyzyň dowardarlary üstümizdäki «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna hem uly ynam bilen gadam basdylar. Olar ýylyň ilkinji günlerinden yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny has-da ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar. Şu günler maldarlarymyz dowarlary dok we ýyly gyşlatmak bilen birlikde ýetip gelýän owlak-guzy almak möwsümine hem ykjam taýýarlyk görýärler. Olar bahar aýlary ene goýunlaryň 100-sinden 105 guzy almagy göz öňünde tutýarlar. Häzirki wagtda goýun sürüleri ýyly kaşarlarda gyşladylýar. Sowuk howada pena ýerlerde bakylýar. Olar üçin goşmaça ot-iým ýeterlik mukdarda taýýarlanyldy. Şu günler diňe bir «Borjak», «Magtymguly», «Bükri», «Gaýaly baba», «Garatagan» ýaly guýularyň töweregindäki ot-çöplere baý ýaýlalarda bakylýan dowarlarymyzyň däl, eýsem, beýlekileriň hem ýagdaýy oňat — diýip, hojalygyň ýolbaşçysy Bagtyýar Hudaýkulyýew gürrüň berýär.
Keywords